Speech of His Excellency the Ambassador on the Turkmen Diplomatic Day

 

Assalamu Aleykum wa Rahmatullahi wa Barakatuhu.

The Embassy of the State of Qatar and employees of the diplomatic mission express their heartily congratulations and blessings to the Turkmen diplomats, on the occasion of the Turkmen Diplomatic Workers Day, which is annually celebrated on February 18.

On this wonderful day, we once again sincerely congratulate His Excellency Serdar BERDIMUHAMEDOV, the Honorable President of Turkmenistan, on receiving the title of "Honored Diplomat of Turkmenistan", for the great efforts of His Excellency in the development of the diplomatic activity of the country.

One of the most important successes of the Turkmen diplomacy is the recognition of the Neutrality of Turkmenistan by all UN member states, and this event is annually celebrated on December 12.

Turkmen diplomacy has made a significant contribution to the settlement of conflicts and differences, which the United Nations highly appreciated. Those include holding several talks in Turkmenistan between the conflicting parties during the civil wars in Tajikistan and Afghanistan two decades ago.

Here I would like to note the closeness or similarity of the efforts of our countries in this area, since the State of Qatar has based its policy on mutual respect between countries, promotion of common interests, non-interference in the internal affairs of other countries and renunciation of violence and terrorism, backed by gentle and balanced diplomacy for assertion of these principles.

Its various mediations have contributed to paving the way for peace, stability and development in many countries at the regional and international levels, as well as strengthening international peace and security through mediation aimed at resolving disputes through peaceful means and supporting development and stability projects in various countries.

Darfur, Somalia, Lebanon, Afghanistan and others can be cited as an example of the achievements of the State of Qatar in resolving disputes and mediating between conflicting parties.

The State of Qatar and Turkmenistan maintain good relations in the political and diplomatic sphere, which has a positive effect on mutual support in the international arena and political consultations held between the foreign ministries of our countries, which were last held in Doha at the level of deputy foreign ministers in October 2022. And in February 2022, an online meeting was organized between the rector of the diplomatic institute of the State of Qatar and his colleague from Turkmenistan, during which issues of cooperation between these universities in many areas were raised.

As a result of intensive cooperation between our countries in the diplomatic sphere, the Embassy of the State of Qatar was opened in Turkmenistan in 2014.

On December 2022, after the historic visit of His Excellency Serdar Berdimuhamedov, the Honorable President of Turkmenistan, to the State of Qatar by invitation of his brother, His Highness Sheikh Tamim bin Hamad Al Thani, Emir of the State of Qatar “May God protect him”, to attend the Qatar-2022 FIFA World Cup, the Esteemed President signed a decree on the opening of the Embassy of Turkmenistan in the capital of Qatar in the city of Doha.

In conclusion, I would like to once again express my sincere congratulations to the Turkmen diplomats on this wonderful holiday and wish them great success in their responsible work.

Thank you for your attention!

Assalamu Alaýkum wa Rahmatullahi wa Barakatuh

Katar Döwletiniň ilçihanasy we onuň ähli işgärleri, her ýylyň 18-nji fewralynda bellenip geçilýän, Türkmenistanyň diplomatik işgäleriniň güni mynasybetli, türkmen diplomatlaryny tüýs ýürekden gutlaýarlar.

Bu ajaýyp günde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyna eýe bolmagy bilen, onuň Alyhezretini ýene bir ýola tüýs ýürekden gutlaýarys.

Türkmen diplomatiýasynyň iň möhüm üstünliklerinden biri hem, her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän, we BMG-na agza döwletleriniň ählisiniň ykrar eden Türkmenistanyň bitaraplygydyr.

BMG türkmen diplomatiýasyna, we onuň gapma-garşylykalaryň we dawalaryň çözülmegine goşan uly goşandyna ýokary baha berýär. Ýigrimi ýyl gowrak mundan ozal, Täjigistanda we Owganystanda gapma-garşylyklaryň bolup geçen döwri, Türkmenistanda şol ýurtlardaky garşydaş taraplaryň arasynda birnäçe gepleşikleriň geçirilmegi, muňa aýdyň mysaldyr.

Pursatdan peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň ýakynlygyny ýa-da meňzeşligini belläsim gelýär. Sebäbi, Katar Döwleti öz syýasatyny birek birege hormat goýmak, umumy bähbitleri öňe sürmek, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk, zorlukdan we terrorçylykdan ýüz öwürmek ýaly ugurlaryň binýadynda gurdy we ony ýumşak we deňagramly diplomatiýa bilen berkitdi.

Katar Döwletiniň birnäçe jedelleri çözmekde arada durmaklygy netijesinde, sebit we halkara derejesinde köp ýurtda parahatçylyga, durnuklylyga we ösüşe ýol açyldy, we jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmäge we dürli ösüş we durnuklylyk taslamalaryna goldaw bermäge gönükdirilen araçylyk halkara parahatçylygy we howpsuzlygy birnäçe ýurtlarda berkitmäge saldamly goşant goşdy.

Katar döwletiniň jedelleri çözmekde we gapma-garşy taraplaryň arasynda araçylyk etmekde gazanan üstünliklerinden mysal hökmünde Darfur, Somali, Liwan, Owganystan we ş.m. görkezmek bolar.

Katar Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy we diplomatik ugurlarda gowy gatnaşyklary saklaýar. Şol gatnaşyklaryň netijesinde biziň döwletlerimiz halkara arenasynda birek-birege goldaw berýärler we Daşary Işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeler geçirilip durylýar. Şeýle geňeşmeler soňky gezek 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Doha şäherinde, Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. 2022-nji ýylyň fewral aýynda bolsa, Katar Döwletiniň diplomatik institutynyň rektory bilen onuň Türkmenistanly kärdeşiniň arasynda onlaýn duşuşyk guraldy, we iki ýokary okuw jaýlarynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň üstünde durlyp geçildi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik hyzmatdaşlygyň ýygjamlygy netijesinde, 2014-nji ýylda Türkmenistanda Katar Döwletiniň ilçihanasy açyldy.

2022-nji ýylyň dekabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezreti Serdar BERDIMUHAMEDOW, Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak barada karara gol çekdi. Ýeri gelende aýtsak, agzap geçilen kararyň yglan edilmeginiň öňüsyrasy, hormatly Prezident, Katar Döwletiniň Emiri Onuň Alyhezreti Şeýh Tamim bin Hamad AL THANI-nyň ýörite çakylygy boýunça, Katar Döwletine taryhy sapary amala aşyrdy we Katarda geçirilen «FIFA QATAR 2022» futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Sözümiň ahyrynda, bu ajaýyp baýramçylyk bilen türkmen diplomatlaryna tüýs ýürekden gutlaýarymy beýan edýän we jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Üns bereniňiz üçin sag boluň!